2050-nji ýyla çenli, ýüzlerçe adam ýer togalagynyň daşyndan ýörite
stansiýalarda, Aýda hemişelik baza gurlar we Marsa bolsa ilkinji adamlar aýak
basar, diýip kosmonawt Andreý Borisenko "Kosmos sapagy" wagtynda öz
çaklamalary bilen paýlaşdy.
"2050-nji ýyla çenli ýeriň töweregindäki stansiýalarda on adamyň däl-de,
ýüzlerçe adamyň uçjakdygyna ynanýaryn. Adamlaryň Aýda hemişelik bazany
gurjakdyklaryna, hatda ilkinji kosmonawtlar we astronawtlar syrly Mars
planetasyna ýetip, aýak basyp biljekdiklerini ynanasym gelýär "-diýip Andreý
beýan etdi.
Borisenko HKS iki kosmos uçuşyny amala aşyrdy: 2011 we 2016-2017-nji
ýyllarda jemi dowamlylygy 337 gün boldy.
Kosmonawt Aýyň we Marsyň özleşdiriljekdigini öňünden çaklady
