"Barselonanyň" goragçysy Hunior Firpo, Angliýanyň "Lids Ýunaýted"
toparyna geçdi diýip, Ispaniýanyň futbol klubynyň web sahypasynda habar
berilýär.
Habarda bellenip geçilişi ýaly, 24 ýaşly ispaniýaly oýunçynyň transfer
edilmeginiň bahasy 15 million ýewro boldy, şoňa görä-de “gök-gyzyllar”
oýunçyny başga bir kluba satmak barada baglaşylan şertnamanyň 20% alar.
“Lids” web sahypasynda,Firpo bilen baglanşylan şertnamanyň möhletiniň
dört ýyllykdygy bellenilýär.
Firpo 2019-njy ýylyň tomsunda Ispaniýanyň" Betis" toparyndan," Barselona"
toparyna geçdi we bäş ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol kataloniýa toparynyň
düzüminde jemi 41 oýun oýnady we iki pökgi geçirdi.