15-nji iýulda Mawrikiý syýahatçylar üçin açylýar ýöne, sanjym edilmedik
syýahatçylar iki hepdelik karantin düzgünlerini berjaý etmeli bolarlar diýip,
Mawrikiýniň syýahatçylygy ösdürmek gullugy(MTPA) habar berýär.
Täzelenen düzgünler tomus aýlarynyň ortalaryndan 2021-nji ýylyň 30-njy
sentýabryna çenli hereket edýär.
Ähli syýahatçylar, ada uçýan uçara münmezden ozal, uçuşdan bäş-ýedi gün
öň geçirilen COVID-19 üçin negatiw PSR barlag şahadatnamasyny, Mawrikiý
adalaryna uçmak üçin alynan awiabiletler we koronawirus howpy bolmadyk
kepillendirilen kurortlaryň birinde ýaşaýyş üçin satyn alynanlygy baradaky
tassyklamany görkezmeli bolarlar.
Sanjym edilen myhmanlar deňiz kenarlary we myhmanhananyň ähli
amatlyklaryndan peýdalanyp bilerler, ýöne dynç alyşyň ýedinji we on dördünji
günlerinde PSR barlaglaryndan hökman geçmeli bolarlar.Eger-de barlaglaryň
netijeleri negatiw bolsa, jahankeşdeler arkaýynlyk bilen adadaky syýahatlaryny
dowam edip bilerler.