Nokia kompaniýasy soňky ýyllaryň, ilkinji flagman smartfonyny
hödürlemekçi. Bu barada ITHome portaly tarapyndan habar berilýär.
Smartfon PureView, diýlip atlandyrylar we ýokary derejeli çipset bilen
enjamlaşdyrylar. Bu enjam, bäşinji ykjam ulgamlar görnüşinde, işlemek üçin
goldaw berer.
Smartfonyň beýleki aýratynlyklarynyň içine,120 Hz täzeleniş tizligi bolan
AMOLED ekrany, Zeiss optiki kameralary we 6000 mAh akkumulýator girýär.
Nokia hataryndaky potensial flagman hakda galan maglumatlar gizlin saklanýar.
Fin kompaniýasy iki ýyl bäri, hakykatdan hem flagman smartfonlaryny
öndürmeýär – iň soňkusy, bazar tarapyndan gowy garşy alynmadyk bäş kameraly
Nokia 9 PureView bolupdy.Täze enjam 2021-nji ýylyň noýabr aýynda hödürlenip
biler, onuň bahasy entäk aýan edilmedi.

Türkmenistanyn Magtymguly adyndaky

Türkmen döwlet uniwersitetinin

Fizika fakultetinin talyby: Babajanow Rustam