Ýakyn wagtdaky onlarça-ýüzlerçe müň ýyllyklarda garaşylýan Betelgeýze
ýyldyzynyň partlamagy, ýer planetasynyň asmanynda “ikinji aýyň” peýda
bolmagyna sebäp bolar diýip,Ylymlar akademiýasynyň Fizika institutynyň
Astrokosmos merkeziniň işgäri Wýaçeslaw Awdeýew, Moskwa şäherindäki
planetariýa binasynda geçiren leksiýasynda gürrüň berdi.
"Ýyldyzyň ýagtylygy asmandaky dolan Aý ýaly bolup görüner. Ol gündiz
hem görüner, gijelerine bolsa has owadan görüner" -diýip hünärmen gürrüň berdi.
Awdeýewiň ýatlatmagyna görä, 2019-njy ýylyň ahyrynda asmanyň iň parlak
ýyldyzlaryndan biri, görünýän ýagtylygyny çaltlyk bilen ýitirip başlady.Şol
wagtlarda ýyldyzyň ýakyn wagtda partlap biljekdigi çak edildi. Ýöne alymlaryň
kesgitlemegine görä, munuň sebäbi ýyldyzyň öňüni zyňylan tozan buludynyň
ýapmagydyr.Şondan soň Betelgeýze ýyldyzyň ýerden görünýän ýagtylygy gaýdyp
geldi.