Kardiolog-lukmany, ylymlaryň kandidaty Anna Korenewiç belli bir ýaşda
adaty bolmadyk agyrynyň ýürek keselleriniň sebäbi bolup biljekdigini düşündirdi.
Mysal üçin, garyn boşlugyndaky agyrylar. Bu ýagdaýda lukman ilki bilen ýönekeý
diagnostikany maslahat berýär.
“Eger-de döş boşlugynda haýsydyr bir mesele bar bolsa, elmydama EKG
bilen başlamaly. Bu hyzmatlar hemişe arzan we elýeterli. Mundan başga-da,
adamyň garnynda ýa-da arkasynda agyrylar bar bolsa, barlaglary hökman
kardiogramma bilen başlamaly" – diýip, lukman belledi.Kardiolog, garyn
agyrysynyň ýürek kesellerine yşarat edýän köp ýagdaýyň bolandygyny gürrüň
berdi.
“Pes infarkt , käbir ýagdaýlarda garyn agyrysy bilen ýüze çykýar.Şeýle
ýagdaýlar bolýar, syrkawyň köriçegesini kesýärler soň bolsa ondaky garyn
agyrylaryň ýürek keseliniň döränligi sebäpli ýüze çykandygy belli bolýar. Şol
sebäpden, adamlar belli bir ýaş çäginden geçen bolsalar, mysal üçin 45 ýaşyna
ýeten bolsa, keselhana barlaglaryny hökman kardiogramma bilen başlamaly "-
diýip lukman ýene-de bir gezek belläp geçdi.
Kardiolog ýürek keseliniň bardygyny bildirýän geň alamat barada aýtdy
