Tokionyň iň gadymy haýwanat bagy Ueno-nyň metbugat gullugy hoş habar
yglan etdi. On bäş ýaşly panda Şin Şin uzak wagtyň içinde ilkinji gezek ýene-de
ene boldy, Üstesine-de bir däl-de, birbada iki sany pandany dogurdy.
Jynsy entek kesgitlenmedik ekizler, bir ýarym sagat aralyk tapawudy bilen
doguldylar. Habar berilmegine görä, eger iki çaga dünýä inse, ene panda adatça
diňe olaryň birini ýanynda saklaýar,şol sebäpden inkubatorda saklanýan ikinji
panda haýwanat bagynyň işgärleri gözegçilik edýärler.Ekizleriň ikisi hem ene
süýdünden doýar ýaly wagtal-wagtal olaryň ýerini çalşylýar.
Bilşimiz ýaly, haýwanat bagynda saklanýan äpet pandalar örän seýrek
köpelýär we şonuň üçin birbada iki çaganyň dünýä inmegi diňe haýwanat bagy
üçin däl, eýsem tutuş şäher üçin uly waka boldy diýip, The New York Times
ýazýar.
Tokionyň haýwanat bagynda ekiz-pandalar dünýä indi
