Britaniýanyň hökümeti, hemme sanjymlary edilen başga ýurtlardan gelýän
syýahatçylary, karantin düzgünlerini berjaý etmezden ýurda girmeklige rugsat
berer. Bu barada Sky News teleýaýlymynda Birleşen Şalygyň transport ministri
Grant Şappsyň sözlerine salgylanyp aýdyldy.
Onuň sözlerine görä, bu ýerde"sary"sanawa degişli bolan ýurtlardan gelýän
hem-de Britaniýada sanjym edilmedik syýahatçylara, öz-özlerini izoliýasiýa
etmezden ýurda girmäge rugsat berýän teklipleriň üstünde"işjeň işlenýär".
Şapps,sanjymyň iki dozasyny alan Ýewrosoýuzyň ýaşaýjylarynyň, ABŞ-dan
gelýän syýahatçylara garanyňda, hökmany karantin bolmazdan Angliýa girmek
üçin rugsatnamany has çalt alyp biljekdiklerini sözüniň üstüne goşdy.Munuň
sebäbi Ýewrosoýuza degişli ýurtlarda häzirki wagtda, COVID-19 sanjymy üçin
sanly şahadatnamalaryň bitewi ulgamynyň üstünde işlenýär.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Beýik Britaniýanyň hökümeti sanjym edilen syýahatçylar üçin karantin düzgünlerini aýyrýar
Beýik Britaniýanyň hökümeti sanjym edilen syýahatçylar üçin karantin düzgünlerini aýyrýar
