Demirgazyk Karolina ştatynyň Konkord şäheriniň ýaşaýjysy Jerri Dennis
ýerli lotereýada 125 müň dollar utdy.
Utuş pullaryny alan pursatynda Dennis, lotereýa wekillerine, lotereýa biledini
13-nji iýulda satyn alandygyny, ýöne bilet barada ýatdan çykarandygyny aýtdy.
Mundan başga-da, bilet birnäçe gereksiz zatlar bilen birlikde awtoulagda durdy.
Jerri biledi, maşyny arassalaýan wagtynda tötänleýin tapdy. Ol, biledi taşlamanka
soň pursatda görendigini we ony barlap görmegi göwnüne düwendigini belläp
geçdi.
Awtoulag ýaryşyna gatnaşýan topar bilen 15 ýyl töweregi bile işlän Dennis,
gazanan urşunyň bir bölegini täze Cadillac satyn almak üçin ulanmagy
meýilleşdirýändigini we galan pullaryny çagalaryna paýlap berjekdigini aýtdy,
diýip UPI ýazýar.