COVID-19 sanjymy – häzirki wagtda, her taraplaýyn oýlanyşma sebäp bolýan
mowzuk bolup durýar. Esasan-da, raýatlaryň käbir toparyna: garrylara, çagalara we
göwreli aýallara sanjym etmek meselesinde aňsatlyk bilen ýüze çykýar.
Belli bolşy ýaly, Daniýanyň hökümeti göwreli aýallara sanjym edilmegine
rugsat berdiler. Şol bir wagtyň özünde, aýallara ilkinji nobatda, göwreliligiň ikinji
we üçünji üç aýlyk döwründe ýörite proseduralardan geçmek maslahat berilýär.
Şeýle-de bolsa sanjymy birinji üç aýlykda etdirmek mümkinçiligi hem berilýär,
ýöne diňe lukman bilen maslahatlaşandan soň.
Gyzykly tarapy, Daniýanyň Saglyk Guramasynyň wekilleri göwreli aýallaryň
COVID-19 keseliniň has agyr geçýän toparyna degişlidiklerini bellediler. Şol bir
wagtyň özünde, göwrelilik döwründe keseliň ýokuşmagy aýallaryň wagtyndan öň
dogurmagyna sebäp bolup biler.
Mundan öň BSGG töwekgelçilik toparyna 35 ýaşdan uly göwreli aýallar we
göwrelilik bilen baglanyşykly kynçylyklary bolan aýallaryň degişlidigini
aýdypdyr.
Ýewropa ýurtlary göwreli aýallara COVID-19 garşy sanjym üçin rugsat berdi
