Jon Hopkins uniwersitetiniň Dietolog-lukmany Diana Wiztum, energetiki
içgileriň täsiri ýaly täsir edýän tebigy içgileri sanap geçdi.
Şeýlelik bilen, ýadawsyz ýagdaýlarda şähdaçyk hala gelmek üçin kofe içip
bilersiňiz. Lukmanyň aýtmagyna görä, kofede, energetiki içgilere garanyňda
kofein az, ýöne onuň içindäki kofen adamyň ýadyna, konsentrasiýsyna we
kuwwatyna oňyn täsir etmek üçin ýeterlikdir.Mundan başgada energetiki içgileriň
ýerini tutup biljek tebigy içgileriň ýene-de biri gök çaýdyr. Onuň peýdalary,
ýadawlygyň az bolmagyna kömek edýän epigallokatehin we l-teanin ýaly
birleşmeleri öz içine almagydyr.
Şeýle hem, matça we zerdeçal çaýy hem energetiki içgileriň ornuny tutýan
tebigy içgileriň sanawyna girizildi. Bularyň birinjisi gök çaýa meňzeýär, ikinjisi,
düzüminde kofein ýoklugyna garamazdan, adamda energiýanyň köpelmegine we
serotoniniň we dopaminiň önmegine sebäp bolýar.
Energetiki içgileriň ornuny tutýan tebigy içgiler sanap geçildi
