Batyrgaý arheolog baradaky franşizanyň täze bölüminiň meýilnamasynyň
jikme-jiklikleri heniz gizlin saklanýar. Banderasyň kimiň keşbini janlandyrjakdygy
hem entek belli däl. Häzirlikçe diňe,baş roly hemişeki Harrison Ford tarapyndan
ýerine ýetiriljekdigi we bu filmdäki aktýorlaryň düzümine Fibe Uoller-Bridž hem-
de Mads Mikkelsen goşulandygy mälim.
Filmiň režisiýory-Jeýms Mengold, tomaşaçylar tarapyndan "Ford vs Ferarri",
"Logan" atly proektlary bilen giňden tanalýar. Film eýýämden düşürlip baslandy.
“Indiana Jons 5” filminiň premýerasy 2022-nji ýylyň 29-njy iýulyna
meýilleşdirilýär
Antonio Banderas "Indiana Jons 5" filminde bir keşbi janlandyrar
