Salwadoryň, Kosta-del-Solda şäherinde dynç alýanlary, La-Puntilýa
kenaryndäki suwda, düşüniksiz ýagdaýda peýda bolan, köne willanyň
harabalyklary örän geň galdyrdy.
Willa tolkunlary çägindäki suwda "batyp galdy" we onuň ol ýerde haçan
peýda bolandygyny hiç kim görmedi diýip, AccuWeather habar berýär.
@CholopanzaVlogs sosial mediýa ulgamlaryny ulanyjy, willanyň her bir
detallaryny görüp bolýan wideo ýazgyny sosial ulgamda ýerleşdirdi.Ol şol bada
belli boldy we oňa 400 müňden gowrak adam tomaşa etdi.
Wideo çap edilenden soň bu ýer meşhurlyga öwrüldi. Birnäçe günüň içinde
kenara adatdakysyndan 2,5 esse köp adam geldi.Görnüşe görä willa soňuna çenli
weýran bolmandyr. Deňziň ajaýyp görnüşini görmek üçin hatda binanyň ýokarky
gatyna hem çykyp bolýar.