Dietolog-lukmany, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Aleksandr Miroşnikow
immun ulgamy üçin iň peýdaly bäş iýmit hakda gürrüň berdi.
Ilki bilen hünärmen, düzüminde C witamini bolan önümlere ünsi çekdi, ol
interferon we immun öýjükleriniň önmegine kömek edýär. Düzüminde C witamini
bolan tomus önümleriniň arasynda iň gowusy gara smarodina , sebäbi bu miwäniň
100 gramy gündelik witaminiň 22 göterimini öz içine alýar.
Immun ulgamyny güýçlendirmek üçin A witamini hem zerurdyr, A witamine
reýhan oty baýdyr. Bu witamin hem, immun öýjükleriniň önmegine kömek edýär.
Miroşnikow günde üç-dört reýhan baldagyny iýmegi maslahat berýär.Lukman
reýhan bilen bilelikde stres bilen göreşmäge kömek edýän B witamini bolan salat
ýapraklaryny iýmegi maslahat berýär.
Mundan başga-da, lukman şibidiň ähmiýeti barada gürrüň berdi.Onuň
düzümindäki fitonisidleriň mikroblara garşy göreşiji güýji bar. Immun bedeniniň
döremegine gatnaşýan beloga baý bolan krewetka hakda ýatdan çykarmaň.
Lukman peýdaly häsiýetleri ýokarlandyrmak üçin olary guradylan şibit bilen
gaýnadyp iýmegi maslahat berdi.