Kinomanlaryň arasynda iň köp garaşylýan filmleriň biri – Golliwudyň
aktrisasy Merilin Monronyň durmuşy baradaky, Ana de Armasyň janlandyran
“Saryýagyz” biografiki dramasy 2022-nji ýylda çykar diýip, Variety habar berýär.
Neşir, Netflix akym hyzmaty tarapyndan işlenip düzülen filmiň takyk
goýberiljek senesiniň entek kesgitlenmändigini belleýär. Bu lentanyň režissýory
Endrýu Dominik.
Kuba-ispaniýaly aktrisa “Knives Out” we “Blade Runner 2049” filmlerindäki
rollary bilen tomaşaçylara mälim bolan Ana de Armas bilen birlikde Adrian
Broudi, Julianna Nikolson, Bobbi Kannawale we başgalar bu filmde surata
düşdiler.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Ana de Armasyň janlandyran Netflix filminiň haçan çykjakdygy belli boldy
Ana de Armasyň janlandyran Netflix filminiň haçan çykjakdygy belli boldy
