Hindistanly Sankalp Sinh Parihar birnäçe ýyl mundan ozal tötänden
otluda geçip barýan birinden 2 müň 500 rupiýalyk (33 dollar) mango nahalyny
satyn aldy. Satyjy şonda onuň aýratyn seýrek görnüşdigini, miweleriniň bolsa
Hindistandaky beýleki belli bolan mangolardan tapawutlanýandygyny aýdypdyr.
Görlüp oturylsa, satyjy ýalan sözlemän eken — eýýäm birnäçe aýdan Parihar we
onuň işewür hyzmatdaşy nahalyň mango agaçlarynyň beýleki görnüşlerinden
tapawutlanýandygyny duýup başlapdyr.
news.mail.ru-nyň ýazmagyna görä, žurnalistlere beren interwýusynda fermer
onuň bu görnüşiniň nähili atlandyrylýandygyny bilmän, öz ejesiniň hormatyna
Damini diýip at goýandygyny aýtdy. Haçan-da beýleki fermerler täze mango
hakynda eşidenlerinde, Parihara we onuň dostuna agajy 21 müň rupiýa (283 dollar)
satmagy teklip edipdirler. Şonda fermer özüniň nähilidir gymmat bir zat
ýetişdirýändigine göz ýetiripdir.
Görlüp oturylsa, Parihar otludaky nätanyşdan mangonyň Miýadzaki atly
ýapon görnüşini satyn alan eken. Ol günorta Kýusýu adasyndaky Miýadzaki
prefekturasynda ösdürilip ýetişdirilip, Ýaponiýanyň ýörite auksionlarynda köp
möçberdäki pula satylýar. Mangonyň bu görnüşini miweleri howada sallanyp durar
ýaly, torlary ulanmak arkaly aýratyn şertlerde ösdürýärler. Şunlukda, onda şekeriň
tagamy has oňat bolup, agramy bolsa 350 gramdan az bolmaýar.
Elbetde, hindi fermeri öz gymmat bahaly mangosy üçin hiç bir üýtgeşik
şertleri döretmedi, agaç tebigy gurşawda oňat ösüş alýar, şoňa görä-de, ol
Ýaponiýadakydan arzanrak hem bahalandyrylýar.
Pariharyň sözlerine görä, olar üýtgeşik bir miwe gazanmak islemän, şu
miweleri onuň obadaşlarynyň ählisiniň dadyp görmegini arzuw edýärler. Ýöne
olaryň bu pikirine hemmeler akýürekli garamaýarlar. Ýerli teleýaýlymda gymmat
görnüşli mango hakynda gürrüň berenlerinden soň, betniýet adamlar ferma
birugsat girip, gymmat bahaly agaçlaryň birnäçesini ogurladylar. Şondan soň
fermerler üç adamdan we dokuz itden ybarat bolan ýörite sakçylary işe aldylar.
Indi olar galan mangolary goraýarlar.