Volocopter kompaniýasy özüniň dikligine uçup-gonup bilýän elektrik
görnüşli «uçýan taksisiniň» ilkinji 4 minutlyk görkeziş uçuşyny amala aşyrdy.
Sürüjisiz ýolagçy dikuçary Fransiýanyň Lýo-Burže howa menzilinden 30 metr
belentlige galyp, sagatda 30 kilometr tizlikde 50 metr uçup, Ýere gondy. Onuň
içinde ýolagçy ýokdy. Bu barada euronews.com saýtynda maglumat berilýär.
«Ol, hakykatdan-da, şäherde işlemek üçin niýetlenen. Dikuçarda iki sany
oturgyç bolup, ýolagçylary gatnatmaga mümkinçilik berýär. Biziň
maglumatlarymyza görä, taksiniň ýa-da Uberiň ýolagçy sygymy bir we iki onluga
deň. Şoňa görä-de, ol ýuwaş, howpsuz we fantastik görnüşde şäherde hereket
etmek üçin oňat serişdedir. Biz onuň ähli babatda her bir adam üçin elýeterli
bolmagy üçin öz dikuçarymyzy ulagyň beýleki görnüşleri bilen integrasiýa
etmegiň üstünde işleýäris. Häzir kimde-kim takside gatnaýan bolsa, belli bir
ugurlar boýunça Volocopter-den hem peýdalanyp biler» diýip, kompaniýanyň
direktory Florian Reýter aýdýar.
Pariž şäheriniň häkimiýeti we ýerli ulag kompaniýalary Volocopter-iň
hyzmatdaşy bolup çykyş edýär. Olar 2024-nji ýylda Fransiýanyň paýtagtynda
geçiriljek Olimpiýa oýunlary döwründe «uçýan taksilerden» peýdalanmagy üpjün
etmegi göz öňünde tutýarlar. Volocopter-e beýleki iri şäherleriň birnäçesinde hem
isleg bildirýärler. Häzir üstünde işlenilýän smartfonlara niýetlenen ýörite mobil
goşundysy arkaly ony gezelenç üçin sargyt edip bolar.