Golaýda Wengriýanyň Hökümeti daşky gurşaw bilen «dostlaşmaga» tarap ýene bir ädim ätdi. Ýurtda milli wodorod strategiýasy kabul edildi. Bu barada azertag.az habar berýär.

Bu habary köpçülikleýin ýaýradyp, wenger habar beriş serişdeleri wodorod tehnologiýalarynyň Wengriýa üçin 2050-nji ýyla çenli uglerod bitaraplygyna ýetmäge kömek berjekdigini beýan etdiler. Şonuň bilen birlikde, bilermenler strategiýada göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginiň ýurduň ykdysadyýetiniň ösmegine goşmaça itergi berjekdigine ynam bildirýärler.

Täze wodorod syýasatynyň kabul edilendigini ýurduň sirkulýar ykdysadyýet, energetika we klimat syýasaty boýunça Döwlet sekretary Atilla Ştaýner hem öz Facebook sahypasynda habar berip, tassyklanan maksatnamany innowasion, durnukly we «ýaşyl» ykdysadyýete gönükdirilen uly ädim diýip atlandyrdy. Wodorod tehnologiýalarynyň ähmiýeti we onuň çägindäki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri Ştaýneriň golaýda Wyşegrad topary ýurtlaryndan bolan kärdeşleri bilen geçiren maslahatynda hem ara alnyp maslahatlaşyldy.