Tokiodaky Masaharu Hirose uniwersitetiniň talyby tarapyndan döredilen,
adatdan daşary oýlap tapyş barada internetda maglumatlar peýda boldy.
Ol Ýewropa ýurtlaryna syýahat edendeň soň , içginiň tagamynyň onuň
hödürlenýän gabyna baglydygyny bildi. Bu bilgä esaslanyp, ol öz mugallymy bilen
bilelikde dinamiki agramly stakany ýasady diýip, Gizmodo ýazýar .
Mehanizma esas bolup, ýörite stakanyň aşagynda goýulýan gap hyzmat edýär.
Ol ýörite agyrlaşdyrylanlygy sebäpli, gap-gaçlaryň agramyny üýtgedip, içginiň
tagamyny ýokarlandyryp bilýär.
Tokiýaly talyp synagyň üsti bilen, stakanyň agyrlaşdygyça, reseptorlar üçin
önümiň tagamynyň şonça ýakymlydygyny anyklady.
Täze önümiň şu ýylyň awgust aýynda geçiriljek Siggraph 2021 wirtual
konferensiýasynda doly hödürlenjekdigi habar berildi.