Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda ilkinji Olimpiýa kümüş medalyna Tokioda geçýän Oýunlarda şu
gün aşgabatly sport ussady Polina Gurýewa mynasyp boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport
institutynyň talyby bu ýeňşi 14 ýurduň 59 kg çenli agram derejesindäki wekilleri bilen bäsleşikde
gazandy. Bu barada TDH habar berýär.
Iki görnüşli ýaryşda türkmen agyr atletikaçysy özi üçin rekord netijäni (217 kg) gazanmak bilen
(silterläp – 96 kg, itekläp – 121 kg), üçünji orny eýelän Ýaponiýaly türgen Mikiko Andodan (silterläp –
94) kg, itekläp – 120 kg) 3 kg öňe geçdi. Bu agyrlyk kategoriýasynda silkip götermekde (103 kg), itip
götermekde (133 kg) we iki görnüşli ýaryşyň jemi boýunça (236 kg) netije görkezmek bilen, üç
olimpiýa rekordyny goýan dört gezek dünýä çempiony, 12 dünýä rekordynyň eýesi Kuo Sing-Çžun
(Taýwan) öňde barýardy.
Polina Gurýewa sport bilen 2011-nji ýyldan bäri yzygiderli meşgullanýar. Ol ilki gimnastika bölümine
gatnaşdy, soňra agyr atletika bilen meşgullanmaga girişipdi. Bu kyn sportuň esaslaryny oňa ilkinji
tälimçisi Ahmet Saryýew öwretdi, hut şonuň ýolbaşçylygynda-da Polina 2017-nji ýylda Bakuwda
geçirilen Yslam ýurtlarynyň IV raýdaşlyk oýunlarynda altyn medal gazandy. Häzirki wagtda P.Gurýewa
Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebinde milli ýygyndy toparyň baş tälimçisi Artur
Emirýandan tälim alýar.

Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
Maliýe fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.