CIRP kompaniýasynyň analitiki maglumatlary ýylyň ikinji çärýeginde haýsy
smartfonyň has meşhur bolandygyny anyklamaga mümkinçilik berdi. Bu reýting
ABŞ-nyň ikinji çärýegindäki satuw netijelerine esaslanýar diýip, msn.com habar
berdi.
CIRP kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanyp, neşir edilen
diagramma görä, “iPhone 12” seriýasynyň smartfonlaryna häzirki wagtda bazarda
has köp isleg bildirilýän bolup çykdy. Soňky çärýekde “iPhone 11”-iň  iň meşhur
model bolandygy we häzirki wagtda “iPhone 12 Pro Max”-yň birinji ýeri
eýeleýändigi bellenilýär. Şeýle hem “iPhone 12 Pro Max” häzirki wagtda iň
gymmat iPhone bolup durýar.
Şeýlelikde, “iPhone 12 Pro Max”, edil “iPhone 11” ýaly, bazaryň 23
göterimini eýeledi. Ikinji ýerde “iPhone 12”-niň esasy modeli ýerleşýär. Bazaryň
bary-ýogy 5 göterimini alan “iPhone 12 mini”-de bolsa satuwyň iň pes görkezijisi
hasaba alyndy.

Türkmenistanyn Magtymguly adyndaky

Türkmen döwlet uniwersitetinin

Fizika fakultetinin talyby: Babajanow Rustam