Amerikaly alymlar SARS-CoV-2 ştamlaryna we hatda beýleki
koronawiruslara garşy göreşmäge kömek edýän antibedenjikleri tapdylar. Bu
barada pcnews.ru habar berdi.
Bu "superantibedenjikler" S2H97 diýlip atlandyrylýar. Ol koronawirusly
adamlaryň ganyndan alnan 12 antibedenjigiň barlagy geçirilende tapyldy.
Öwrenilen antibedenjikleriň hemmesi SARS-CoV-2 koronawirusyň möhüm ýeri –
ýagny reseptorlary birleşdiriji domen (RBD) bilen baglanyşýar.
Alymlar koronawirusyň bu böleginde ýüze çykýan birnäçe müň mutasiýanyň
sanawyny düzdüler. Bu bolsa olara haýsy antibedenjikleriň has täsirlidigine
düşünmäge kömek etdi.
S2H97 antibedenjikleri laboratoriýa gemrijilerini koronawirus
ýokuşmasyndan gorap bilýändigini görkezdi. Ol hatda reseptorlary baglanyşdyrýan
domeniň has düýpli gizlenen bölegine-de baglanyp bildi. Bu açyş COVID-19 we
geljekde döräp biljek beýleki ähtimal ýokançlyklara garşy göreşmek üçin derman
döretmäge kömek edip biler diýip, çeşme belleýär.
Koronawirusa garşy «superantibedenjikler» tapyldy
