Nýu-Ýork şäheri ABŞ-nyň günbatar kenarýakasynda möwç alýan tokaý
ýangynlary sebäpli, howanyň hili boýunça iň ýaramaz şäherleriň birine öwrüldi
diýip, lenta.ru belleýär.
Güýçli ýel ýangyn tüssesini müňlerçe milýa, ýurduň gündogar
kenarýakasyndaky şäherlere çenli ýetirdi, indi tüsseden Nýu-Ýorkyň ýaşaýjylary
hem zyýan çekýär. Käbir maglumatlara görä, ABŞ-nyň günbatarynda howanyň
rekord derejeli ýokary temperaturasy sebäpli barha güýjeýän 78 tokaý ýangynyna
garşy göreşilýär.
ABŞ-nyň daşky gurşawy goramak agentliginiň maglumatlaryna görä,
amerikan şäherinde howp derejesi – gyzyl. Howanyň hil görkezijisi soňky 15 ýylda
has ýaramazlaşyp, 154-e ýetdi (0-dan 50-ä çenli görkeziji kadaly hasaplanýar).
Milli umman we atmosfera gözlegleri edarasynyň (NOAA) we San-Diegonyň
Okeanologiýa we Ýer-gurluşyk gözlegleri merkeziniň maglumatlaryna görä, iýun
aýynyň başyna çenli howada kömürturşy gazynyň düzümi gözegçiligiň tutuş
taryhyndaky rekord derejä ýetdi. COVID-19 pandemiýasy wagtynda önümçiligiň
togtadylmagy hem planetanyň atmosferasynyň hapalanma derejesiniň peselmegine
getirmedi.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Nýu-Ýork ýangynlar sebäpli howanyň hili boýunça iň ýaramaz şäherleriň biri boldy
Nýu-Ýork ýangynlar sebäpli howanyň hili boýunça iň ýaramaz şäherleriň biri boldy
