Braziliýanyň Fortaleza şäherinde ýaşaýan 7 ýaşly Nikol Oliwýera ýedi sany
asteroit tapdy we dünýäniň iň ýaş astronomy diýlip yglan edildi.
Gyzjagaz höwesjeň-astronomlaryň asteroidleri gözlemek baradaky IASC
maksatnamasyna gatnaşdy we programma üpjünçiliginiň kömegi bilen ýedi açyş
etdi. Braziliýanyň R7 habar gullugynyň habar bermegine görä, ol okuw kursuny
tamamlap, hatda çagalar synagyny hem üstünlikli tabşyrypdyr.
Nikol, ene-atasynyň, oňa iki ýaşynda sowgat beren oýunjak ýyldyzyny
alanyndan bäri, ýyldyzlara "aşyk". Şondan tiz wagtdan soň gyzjagaz ol sowgady
taşlap, oýunjak hökmünde has gyzykly görünýän ene-atasynyň teleskopyna geçdi.
Onuň ejesi Zilma we kakasy Žan-Karlo çagalarynyň astronomiýa bolan
gyzyklanmasyny hemme taraplaýyn goldaýarlar.
Häzirki wagtda Nikol – Alagoasa astronomiýa gözleg merkeziniň (CEAAL) iň
ýaş agzasy. Ýaňy-ýakynda gyzjagazyd Braziliýanyň Ylym, Tehnologiýa we
innowasiýa ministrliginiň Astronomiýa we awiasiýa boýunça ilkinji halkara
seminarynda çykyş etmäge çagyrdylar. Oliwýera öz eden açylyşy üçin NASA-dan
minnetdarlyk aldy.
Braziliýada ýedi ýaşly gyzjagaz ýedi sany asteroit tapdy
