Egerde Kosmos boşlugy bolmadyk bolsa, Günden çykýan pes ýygylyk, saz
ýa-da aýdymyň heňine meňzeş bolup eşidilerdi.
Şeýle netijä, Maks Plank adyndaky Gün ulgamyny öwrenmek institutynyň we
Gettingen uniwersitetinden nemes alymlarynyň gelen geldiler Olar, NASA-nyň
kosmosda ýerleşýän Gün dinamikasy obserwatoriýasynyň maglumatlaryny 10
ýyllap öwrendiler we ony kompýuter modelleri bilen deňeşdirdiler. Gözlegçileriň
işi Astronomy and Astrophysics žurnalynda çap edildi.
Yrgyldamalar Günüň öz okunyň daşyndan aýlanýan wagtynda ýüze çykýar.
Onuň gaty jisim däl-de, gazly plazmadan ybarat bolany üçin, aýlanyş tizligi Günüň
dürli giňişliklerinde tapawutlanýar.
Differensial aýlanma diýlip atlandyrylýan bu deň bolmadyk aýlanma, Günüň
dürli sebitleriniň biri-biri bilen rezonanslaşmagyna sebäp bolýar yzygiderli,
öňünden bilip boljak tizlikde yrgyldamalary çykarýar.