2021-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Gruziýanyň Türkmenistana oba hojalyk
önümleriniň eksportynyň möçberi 1,7 million dollara barabar boldy. Bu barada Trend
agentligi Gruziýanyň oba hojalyk ministrligine salgylanyp habar berýär.
Hususan-da, hasabat döwründe Gruziýadan Türkmenistana iberilen doňdurylan et
önümleriniň möçberi 162,9 tonna ýetdi. Eksportyň umumy bahasy — 361,2 müň dollar.
Şeýle hem bellenilen döwürde Gruziýadan Türkmenistana 403,5 tonna guş eti (303,8
müň dollarlyk), 8,8 tonna iýmitlik goşundylar (87,9 müň dollarlyk) iberildi.
Gruziýadan Türkmenistana iberilen önümler, esasan, soýa şiresinden, doňdurylan
etden, guş etinden we ýeralmadan ybarat boldy.
Öz gezeginde, Türkmenistan hasabat döwründe Gruziýa 411 müň dollarlyk oba hojalyk
önümlerini eksport etdi. Eksport önümleri, esasan, guş etinden, doňdurylan etden we
çörek önümlerinden ybarat boldy.