Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň
söwdalarynda geleşikleriň 115-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň,
Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Gonkongyň,
Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan
işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtobenzini,
suwuklandyrylan gazy, gyzdyrylan nebit koksuny, gidroarassalanan dizel
ýangyjyny, az kükürtli mazuty satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurtly işewürler
“Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy hem-de
“Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy, ECO-93
kysymly awtobenzini, kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýa Federasiýasynyň, BAE-niň,
Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň telekeçilerine nah
ýüplük, jinsi matalary, haly önümleri, float aýna, portlandsement ýerlenildi.
Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 109 million 678 müň dollaryndan gowrak boldy.
Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gonkongyň we Owganystanyň işewürleri nah
ýüplügi we haly önümlerini satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy 3 million 604 müň
manatdan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 1 million 209 müň
manatlykdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.