Noutbuklara isleg bütin dünýäde barha artýar we onuň tizligi diňe ýarym
geçirijileriň ýetmezçiligi sebäpli saklanýar. Şeýle netijä Strategi Analytics
kompaniýasynyň hünärmenleri geldi.
2021-nji ýylyň ikinji çärýegi bu pudak üçin örän amatly boldy – ikinji
çärýekde dünýädäki ykjam kompýuter satuwy 65 milliondan gowrak bolup, 2020-
nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 15 göterim ýokarlady.
Dünýä bazarynyň 24 göterimini eýeleýän 15,5 million noutbuk bilen
tabşyrygy üpjün etmegi başaryp Lenovo kompaniýasy satuw boýunça birinji ýerde
durýar. Ikinji orny HP (14,9 million we 23 göterim), üçünji oruny Dell (10,7
million we 16 göterim) eýeledi. Mundan başgada, Apple täze M1 ARM
platformasynyň täsiri netijesinde 5,5 milliondan gowrak kompýuter satdy we ep-
esli ösüş gazandy.