Indi kriptowalýutalar we şulara meňzeş Tether we Dash töleg ulgamlary bilen
smartfonlar, akylly sagatlar we beýleki enjamlary satyn almak üçin ulanylyp bolar.
Xiaomi, Şweýsariýanyň kriptowalýuta töleg hyzmatyny üpjün ediji Utrust
kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy.
Portugal Mi Store marketing bölüminiň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä
"Xiaomi – tehnologiki, innowasiýa ugrunda ösen we üstünlikli marka". Şonuň üçin
elmydama bir ädim öňde bolmak isleýär.
Portugaliýanyň – salgyt kanunlary sebäpli kriptowalýuta bilen ylalaşykly
hasaplanýan ýurtlaryň biridigini bellemelidiris.
Mundan öň Samsung kompaniýasy blokçeýn-gapjygyny çykardy, ýöne
kompaniýanyň dükanlary entek kriptowalýutany kabul edip başlamady.
Türkmenistanyn Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetinin
Fizika fakultetinin talyby: Babajanow Rustam