"Maşa we Aýy" çagalar üçin kontent Parrot Analytics sanawynda birinji orny
eýeledi diýip, Animaccord kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berýär.
"Maşa we Aýy" soňky 60 günüň dowamynda, "Doňuzjyk Peppa", "Güjükleriň
Patruly" we "Sezam köçesi" ýaly daşary ýurt hitlerinden öňe geçdi diýip,
bellenilýär.
Kompaniýa, reýtingiň seljeriş platformasynda hödürlenen on müňden gowrak
görkezilişe gözegçilik etmek we soňky iki aýyň dowamynda dünýäniň dürli
künjeginden çagalar üçin kontenta bolan onlaýn islegleri ölçemek esasynda
döredilendigini aýtdy.
“Maşa we aýy” animasion seriýaly 2009-njy ýylyň ýanwar aýyndan bäri
ýaýlyma berilýär. Multiseriýal 42 dilde terjime edildi we öňdebaryjy media
kompaniýalary tarapyndan dünýäniň çar künjeginde diýen ýaly ýaýlyma berildi.
2020-nji ýylyň aprelinde multiseriýal dünýäniň iň halanýan güýmenje
markalarynyň iň bäşligine girdi.
«Maşa we Aýy» dünýäde iň meşhur çagalar multiseriýaly boldy
