Gissarlykk depesinde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde Troýa atynyň
bölekleri tapyldy. Bular 15 metre çenli ýetýän arça tagtalary we pürslerdir. Olaryň
hemmesi geň görnüşde ýygnalypdyrlar, alymlaryň pikiriçe bular Troýa atynyň
bölekleri bolup biler.
Gözlegçiler tapyndylary öwrendiler we tapylan agaç bölekleriň we beýleki
eserleriň b.e. öň XII ýa-da XI asyrlara degişlidigi barada netijä geldiler. Bu, Troýa
söweşiniň senelerine gabat gelýär. Mundan başga-da, alymlar "Grekler öýlerine
gaýdyp baranlary üçin, bu sadakany Afina bagyşlaýarlar" diýip, bürünjiň ýüzüne
ýazylan ýazgyny tapdylar.
Egerde bu çaklamalaryň hemmesi tassyklansa, onda soňky onýyllygyň içinde,
arheologiýada edilen iň uly açyş diýip bileris diýip, Naked Science belläp geçýär.
Alymlar tapylan Troýa aty barada habar berdiler
