2019-njy ýyla çenli Gresiýadaky surata düşürilýän meşhur ýerleriň arasynda
Akropoldan soň ikinji ýerde duran Nawagio kenary syýahatçylara täzeden açylyp
bilner diýip, ATOR habar berýär.
Häzir hökümet ýolbaşçylary, ýörite agentlik döretmek isleýärler: bu agentlik
syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýän bu gözel ýeriň goragy we öňe gidişligi, şeýle
hem maýa goýumlary bilen meşgullanarlar. Şeýle ýagdaýda Nawagio kenarynyň
2022-nji ýylda açylmagyna mümkinçilik bar.
2018-nji ýylyň sentýabr aýynda kenar şüýşgüni bolup geçdi. Şondan soň her
ýylda bir milliona golaý syýahatçynyň gelýän Nawagio kenaryna giriş ýapyldy.
Zakinf adasynda ýerleşýän bu kenaryň ady "gämi heläkçiligi" hökmünde
terjime edilýär. Kenar, dünýäniň iň meşhur onlugynyň içine girýär : bu ýerde 40
ýyl mundan ozal kenara taşlanan köne garakçy gämisi ýerleşýär.