Günorta Uelsiň 4 ýaşly ýaşaýjysy Lili Uaýlder 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda
ene-atasy bilen Bendriks-Beý aýlagynda gezelenç edip ýörkä, daşyň ýüzünde üç
barmakly dinozawryň yzyna meňzeş yz gördi. Uaýlderler maşgalasy gören yzlary
barada arheologlara habar berdiler we olaryň çaklamalary dogry bolup çykdy –
alymlar bu aýak yzyň özboluşlylygyny tassykladylar we munuň Beýik Britaniýada
tapylan iň gowy saklanyp galan yz diýip bellediler.
Alymlaryň sözlerine görä, Britaniýanyň kenarynda tapylan 10 santimetr
uzynlykdaky aýak yzyny, uzynlygy 75 santimetr we ini iki ýarym metr bolan
dinozawr tarapyndan goýlupdyr.
Iýul aýynyň ortalarynda dinozawryň aýak yzy galan daşy, Kardiff şäheriniň
milli muzeýinde "Liliniň gazylyp tapylan yzy" atly sergide görkezildi we kiçijik
gyz bilen birlikde onuň maşgalasy sergä hormatly myhman hökmünde çagyryldy.
Kiçijik gyzjagaz öz tapyndysyna diýseň buýsanýar we arheologlar tapylan
yzyň täze täze dinozawr görnüşiniň yzy bolup çyksa, oňa dakyljak atda Lilini
adyny hökman ýatlap geçjekdiklerine söz berdiler.
Alymlar dinozawryň aýak yzyny ony tapan gyzyň ady bilen atlandyrdylar
