Baglanyşygyň tizligini ölçeýän meşhur Speedtest hyzmaty Starlink hemra
arkaly internet ulgamy baradaky maglumatlary bilen paýlaşdy. Bu taslama bilen
Ilon Mask tarapyndan esaslandyrylan SpaceX kompaniýasy meşgullanýar.
Maglumatlardan görnüşi ýaly, Starlink hemra arkaly internet ulgamynyň
tizligi, kesgitlenen giň zolakly internete girmegiň derejesinde ýerleşýär. 2021-nji
ýylyň ikinji çärýeginde ABŞ-da Starlink-iň üsti bilen göçürip almagyň ortaça
tizligi 97,23 Mbit/s boldy. Bu bolsa ýurtdaky, giň zolakly internete girmegiň ortaça
tizliginden birneme pes – 115,22 Mbit / s. Takmynan 100 Mbit / s tizlik bilen
ulanyjy bir minutda aňsatlyk bilen film göçürip alyp biler.
Göçürip almak tizligi barada aýdylanda bolsa, Starlink- iň ABŞ-daky tizligi
13,89 Mbit / s boldy. Beýleki ýurtlarda kesgitli internete girmek üçin bu
görkezijiler has pesdir.