Bilmeýänler üçin – DxOMark hünärmenleri diňe bir smartfonlaryň kameralary
däl, eýsem ekranlary bilen birlikde, beýleki böleklerini hem synagdan geçirýärler.
Olar bu gezek Huawei P50 Pro-nyň ekranyny barladylar we gaty hoşal boldylar.
Huawei P50 Pro 6,6 dýuým OLED ekrany bilen enjamlaşdyrylandyr. Ekran,
paneliň öň tarap ýüzüniň 91,3% tutýar. Ekranyň ölçegi 2700 x 1228 piksel,
nokadyň dykyzlygy 450 ppi. Bu ýerde täzeleniş tizligi 120 Hz, datçik gatlagynyň
jogap ýygylygy 300 Hz.
Smartfon ekrany üçin 93 bal alyp, sanawda öňdebaryjy boldy. Edil şonuň
ýaly, Huawei P50 Pro kamera sanawynda hem birinji ýerde durýar.
Hünärmenler mundan başgada HDR10 wideosyny görmek ukybyny, pes
ýagtylykda gowy okap bilmek ukybyny, barmak yzlaryna tekiz we takyk jogap
bermekligi, ýalpyldamanyň düýbünden ýoklugy ýaly artykmaçlyklary bu sanap
geçdiler.
Türkmenistanyn Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetinin
Fizika fakultetinin talyby: Babajanow Rustam