Beýik Britaniýaly lukman Raj Karan çalt uklamaga kömek edýän birnäçe
düzgünler bilen paýlaşdy. Mundan başga-da, hünärmen sanap geçen düzgünleriniň
ýeterlik ukyňy almaga kömek etjekdigini aýtdy.
Hünärmeniň metodikasy diýip atlandyrylýar – "10-3-2-1" we ondaky her bir
san bir zady aňladýar. Şeýlelik bilen, bu atdaky ilkinji san, ýatmazdan 10 sagat öň
kofe içmezligiň zerurdygyny görkezýär. Sebäbi, şol aralykdaky wagt bedeniň ähli
kofeinleri aýyrmagy üçin ýeterlikdir. Egerde bu düzgün berjaý edilmese, kofeniň
höweslendiriji täsiri uklamaga päsgel berip biler.
Şeýle hem, lukman agyr agşamlyk ýa-da günortanlyk naharlaryny ýatmazdan
3 sagat öň çäklendirmegi maslahat berdi. Bu düzgüni berjaý etmek bilen, gije
turmaga sebäp bolup biljek ýürek bulanmalaryň öňüni alyp bilersiňiz. Karanyň
sözlerine görä, giçki wagta çenli spirtli içgileri içmeklik basym uklamaga päsgel
berýär.
Adyň soňky iki sany barada aýdylanda bolsa, olar şeýle düşündirilýär:
ýatmazdan iki sagat öň işiňizi tamamlamaly we dynç almaly, ukudan bir sagat öň
bolsa – kompýuteriňizi, smartfonyňyzy we beýleki enjamlaryňyzy bir gapdala
aýyrmaly.