Britaniýaly barlagçylar 145668 adamyň genetiki maglumatlaryny seljerip, aşa
semizligiň depressiýa howpuny ýokarlandyryp biljekdigini anykladylar.
Bu barlaglar häzirki wagtda Beýik Britaniýa üçin möhümdir, sebäbi ýurtdaky
ýaşaýjylaryň dört adamdan biri semizlikden ejir çekýär. Täze barlag işiniň
awtorlary meseläniň derejesine baha bermek üçin diňe bir gatnaşyjylaryň genetiki
maglumatlaryna däl-de, akyl saglygy baradaky maglumatlara hem garadylar.
Gatnaşyjylar depressiýa, alada we umumy üpjünçilik derejeleri barada
soragnamalary doldurdylar.
Şeýle hem, adamlaryň genetiki görnüşiniň iki toplumynyň bardygy bellendi.
Birinji topluma degişli adamlar aşa semiz, ýöne beýlekilere garanyňda sagdyn
metabolizma eýedir. Olarda smizligiň ýaramaz täsirleri gaty seýrek ýüze çykýar.
Emma ikinji görnüşiň eýeleri dürli meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Şeýle-de
bolsa, aşa semiz adamlaryň hemmesi depressiýa has ýakyndygy görüldi.