Hytaýly gözlegçiler göwheriň üstünde aňsatlyk bilen çyzyk yzlaryny galdyryp
bilýän, dünýädäki iň gaty aýnany döretdiler.
AM-III – tutuşlygyna ugleroddan ýasalan dury materialdyr. Ol Wikersiň
gatylyk synagynda, 113 gigapaskal netije görkezdi. Deňeşdirmek üçin: tebigy
göwher adatça 50-den 70-e, käbir emeli daşlar bolsa – 100 GPa çenli bolýar.
Elbetde,täze aýnadan ýasalýan önümleri köpçülikleýin öndürişe goýbermek
entek uzakda. Şeýle-de bolsa, AM-III-den ýasalan ok geçirmeýän penjireler, käbir
häzirki zaman önümlerinden 20-100 esse güýçli bolup biler.
Mundan başga-da, AM-III ýarymgeçiriji bolup, kremniý ýaly täsirli. Şol
sebäpden, material fotoelektrik enjamlarynda ulanylyp bilner.