Dietolog-lukmany Antonina Starodubowa garpyz we gawun iýmekligi
çäklendirmeli adamlaryň kategoriýalaryny sanap geçdi.
Hususan-da, bu önümler dispeptiki alamatlary bolan aşgazan-içege keselleri
we urolitiýaz bilen ejir çekýän adamlar üçin howply bolup biler.
"Garpyz we gawun maslahat berilmeýän ýa-da seresaplylyk bilen az iýmäge
rugsat berilýän keseller: dispeptiki alamatlary bolan aşgazan-içege keselleri,
urolitiýaz, süýji keseli, şahsy çydamsyzlyk" – diýip, hünärmen duýdurdy.
Starodubowa, hatda iň peýdaly önümiň hem bedene zyýan ýetirip biljekdigini
belläp geçdi, olar birnäçe faktorlara bagly: iýmitiň hiline, iýilen mukdaryna, şeýle
hem ösdürip ýetişdirmegiň şertlerine we başgalar.
Lukman garpyz we gawuny kimiň iýmeli däldigini aýtdy
