Amerikanyň Massaçusets tehnologiýa Institutynyň barlagçylary, dürli şikesli
näsaglara kömek edip biljek ýelim döretdiler. Ol şireli maddadan ybarat bolup,
käbir haýwanlaryň (leňňeç şekilli) gaýalara ýapyşmak üçin ulanýan ýelmeşýän
zadyna meňzeşdir.
Alymlar ýelimiň, ýörite birleşmeleri ( şol sanda leňňeç şekilli haýwanlaryň
çanagyndan alynan) lukmançylyk silikon ýagy bilen garyşdyrmak arkaly
alnandygyny bellediler. Netijede,gel görnüşli madda emele geldi.
Synag netijeleri,ýelim ýara sürüleninden 15-30 sekuntdan soň ol ýelim
guraýar we ganyň akmagyny bes edýändigini görkezdi.Ol kesilen ýeriň üstüne
çalynýar.
Hünärmenleriň aýytmaklaryna görä, bu serişdäniň artykmaçlyklarynyň ýene
biri islendik görnüşdäki şikeslere täsir edip bilýär. Şol bir wagtyň özünde, iki
taraply lentalaryň şular ýaly aýratynlyklary ýokdyr.