Milanda “akylly” swetoforlar oturdyldy, olar swetaforyň gyzyl yşygynda
geçýänlere özbaşdak jerime salyp bilýärler diýip, "Ýewropuls" ýazýar.
Swetafor diňe bir düzgün bozulan pursaty däl, eýsem ondan öň we ondan soň
bolup geçýän wakalary hem ýazyp bilýän akylly kameralar bilen
enjamlaşdyrylandyr.
Enjamda gurlan sanly ulgam sary yşyk wagtynda awtomatiki usulda işläp
başlaýandygy kesgitlenildi: düzgün bozulan ýagdaýynda bikanun sürüjilere jerime
salmak üçin, ol maşynlaryň belgilerini öňünden ýadynda saklaýar.
Ýerli häkimiýet, akylly swetofor bilen ýollary has ygtybarly etmek, şeýle hem
European Vision Zero programmasynyň öňünde goýan maksadyna ýetmek üçin
has ýakynlaşmak isleýärler.