Meksikada weýran bolan Teotiuakane şäherinde arheologlar 1800-den iki
müň ýyl aralygynda ýaşy bolan gül dessesini tapdylar diýip, Daily Mail habar
berýär.
Artefaktlar 18 metr çuňlukda – ybadathananyň aşagynda ýerleşýärdi. Milli
antropologiýa we taryh (Meksika) institutynyň arheology Serhio Gomesiň
sözlerine görä, baldaklar gaty gowy saklanypdyr. Ol, munuň özi "örän möhüm
tapyndy" her dürli adamlaryň bu ýerde geçirilendiginiň subutnamasydyr diýip,
sözüniň üstüne goşdy.
Alymlaryň topary Teotiuakanada takmynan 12 ýyl bäri işleýärler. Bu ýerde
olar köne topraklary eleýärler, bu sebitde kimiň ýaşandygyny anyklamak üçin
gaýalary, piramidalary we köşk harabalyklaryny öwrenýärler.
Meksikada takmynan 1800 ýaşyndaky gül dessesi tapyldy
