Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetini döretmäge esaslandyryjylar hökmünde Türkmenistanyň Merkezi bankyna, Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankyna, «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankyna, «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankyna, «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankyna, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna, «Halkbank» döwlet täjirçilik bankyna her biriniň esaslyk maýadaky paýy 12,5 göterim möçberde paýly gatnaşmagyna ygtyýar berildi. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, bu resminama Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli mirasymyzy gorap saklamagy, türkmen alabaý itleriniň tohumçylyk-seçgi işini ösdürmegi we alabaý itlerini köpeltmegi maksat edinýär.