Daşary işler ministrliginde adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy
ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün
etmek boýunça Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň
Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň gün tertibine abraýly guramalar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen
Milletler Guramasy we onuň esasy düzümleri bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy
giňeltmek meseleleri girizildi. Milli meýilnamalary we maksatnamalary, şol sanda
bilelikdäki iş meýilnamalary durmuşa geçirmegiň usullary we gurallary ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Mejlisiň barşynda öňde durýan wezipeleri, şol sanda Pudagara toparyň hem-
de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy we onuň
düzümleýin bölümleri bilen hereketleriň bilelikdäki meýilnamasyny ýerine
ýetirmek bilen bagly meseleleri üstünlikli çözmek boýunça anyk çäreler
kesgitlenildi.