Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan türkmen, iňlis we rus
dillerinde çärýekde bir gezek neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly
žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
Žurnalyň sahypalarynda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we
durnuklylygy pugtalandyrmak ugrunda üýtgewsiz çykyş edýän ýurdumyzyň
strategik ugurlary beýan edilýän milli Liderimiziň “Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara
hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatda, şeýle hem Yslam Hyzmatdaşlyk
Guramasynyň ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitindäki eden çykyşlary
ýerleşdirildi.
Çap edilen beýleki işleriň hatarynda “Türkmenistan — BMG: adam
hukuklary babatda hyzmatdaşlyk” atly makala bar. Makalada adam hukuklary
babatda degişli düzgünleri Türkmenistanyň kanunçylygyna ornaşdyrmagyň anyk
mysallary getirilýär.
Şeýle hem žurnalyň okyjylaryna Halkara Zähmet Guramasy (HZG) bilen
hyzmatdaşlyk barada makala hödürlenildi.
“Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak: milli däpleriň we döwrebap usullaryň
utgaşdyrylyşy” atly makalada täze taryhy döwürde durmuşa geçirilýän, döwrüň
talabyna kybap gelýän hukuk binýadyny kemala getirmäge gönükdirilen
konstitusion özgertmeleriň ugurlary barada gürrüň berilýär.
Žurnalda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy: parahatçylyk we ynanyşmak
ýörelgelerine esaslanan ösüşler” atly ylmy-amaly halkara maslahata gatnaşyjylaryň
çykyşlary hem getirilýär.
Neşiriň nobatdaky sanyny maglumatlar toplumy jemleýär, olarda okyjylara
ýylyň ikinji çärýeginde abraýly guramalaryň wekilleriniň hem-de bilermenleriniň
gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklara, okuw maslahatlaryna berlen syn
hödürlenýär.
“Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

RU












