24-nji awgustda Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler
Guramasynyň Türkmenistanda täze bellenen hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý
Şlapaçenkony kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda ynanyşmak hem-de özara hormat goýmak
ýörelgelerinde ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmek babatdaky
işleriň şu günki ýagdaýyna, esasy ugurlaryna we geljegine degişli giň gerimli
meseleler boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy.
Milli Liderimiz we diplomat köpugurly hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek
boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşyp, ýurdumyzyň başlangyjy bilen
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylda hem-de
BMG-niň döredilmeginiň 75 ýyllygynyň hormatyna geçirilýän çäreleriň
wajypdygyny bellediler.
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda täze bellenen hemişelik
utgaşdyryjysy berýän goldawy üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly
Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özara bähbitli hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna
ynandyrdy.
BAŞ SAHYPA: Täzelikler Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşdy

RU












