Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Beýik
Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça döwlet ministri,
Uimbldonyň Lordy Ahmad bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
«Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda taraplar Owganystandaky
ýagdaýlary, şeýle hem umumy howplara we wehimlere garşy göreşmek
meselelerini, halkara hyzmatdaşlygyň syýasy hem-de ynsanperwer ugurlaryny ara
alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de bu babatda gepleşikleri dowam etdirmegi
ylalaşdylar», diýip Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.