2021-nji ýylyň 25-26-njy awgustynda Pakistan Yslam Respublikasynyň
Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet
Aşgabatda saparda boldy.
26-njy awgustda Pakistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Döwlet Baştutanyna
Pakistanyň ýokary ýolbaşçylygynyň mähirli salamyny ýetirmek bilen, Şah
Mahmud Kureşi Türkmenistan bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we
medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge pakistan tarapynyň ygrarlydygyny
tassyklady. Owganystandaky ýagdaýlar hem-de sebitde parahatçylygyň we
durnuklylygyň saklanylmagy maksady bilen, sebitleýin özara gatnaşyklaryň
işjeňleşdirilmegi boýunça geljekki hereketler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Pakistanyň Daşary işler ministri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy
