Türkmenistan häzirki hereket edýän şertnamalaryna laýyklykda goňşy
Owganystana elektrik energiýasynyň üpjünçiligini dowam edýär.
Mälim bolşy ýaly, türkmen elektrik togy Owganystana birnäçe ugurlar
boýunça iberilýär. Bu bolsa Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryny tutuşlygyna,
ýurduň günbatar we demirgazyk-günbatar etraplaryny, şol sanda Hyrat, Badgis,
Jowzjan, Balh, Farýap sebitlerini, şeýle-de Mazari-Şarif, Şibergan, Hyrat we
beýleki şäherlerini hem elektrik togy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Türkmenistan-
Owganystan-Pakistan ugry boýunça 500 kW ýokary woltly elektrik geçirijisiniň
gurluşygynyň taslamasy durmuşa geçirilmeginiň işjeň tapgyrynda alnyp barylýar.