26-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň
Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen duşuşygy
geçirildi.
Işjeň söhbetdeşligiň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn türkmen-ýapon özara
hereketletiniň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda,
şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň
Tokio şäherine bolan saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa
geçirilişine aýratyn üns berildi.
Mälim bolşy ýaly, iýuldaky saparyň barşynda gol çekilen ikitaraplaýyn
resminamalar taraplaryň bank-maliýe, ulag hem-de ýol tehnikasy ulgamlaryndaky
özara hereketletini öz içine alýandyr.